Janaga Tarap – Kerim Gurbannepesow

Eý sen goşgymyzyň köne formasy,
Gel bärik ýene bir synaga tarap.
…Maňa çal beripdi çölüň Hurmasy,
Ellerim uzapdy çanaga tarap.

Gum gyzynyň ady bolarmy Hurma?
Ony dakypdyrlar eýerip yrma.
«Mele suwdan bolsun gollarmyz gyrma,
Jeýhun gaýtsyn – diýip – Janaga tarap».

Jeýhuny emip dur Janagyň oýy.
Ojakda gaýnap dur Jeýhunyň çaýy.
Ynha, elimde-de ak maýaň çaly
Ak gyzam bakyp dur gonaga tarap.

O mahal bakmazça ýigidem däldim,
Iki gün sagatdym, dört gün dälidim.
Gyza bakyp, elim ýüzüme syldym,
Gyzam ýeňin eltdi gabaga tarap.

Aýagymda – ädik, başymda – «kekeç».
Ýaňy soldatlykdan boşanja erkeç,
Darakgeçmez saçlar misli bir dikeç,
Naýza gezäp durdy tüýnüge tarap.

Hurma çal uzatdy. Çanak pürepür.
Aňrydan gyňralyp seretdi kempir.
«Çelek takrap ýatyr, ylga, suw getir!»
Hurma ýüwrüp gitdi çelege tarap.

Öňi şol. Yzy ýok… Gaýdypdym şeýdip,
Bir çanak çal içip, bir nany gädip.
…Eje, aý, jan eje, hany şol ädik,
Ýürek telwas urýar ýaýlaga tarap.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.