Jana Söwdügim – Kemina

Ogryn-ogryn gözleýişiň
Ot saldy jana, söwdügim.
Gara gözli, näzik beden,
Bir bak bu ýana, söwdügim!

Aý jemalyň şöhle salar,
Jellat gözüň janym alar,
Haçan senden mährim ganar?
Gitme daş ýana, söwdügim!

Gamzaň oky bermez aman,
Nurbat, aman, dur bir zaman,
Kirpigi ok, gaşy keman,
Dişi dürdäne söwdügim.

Keminäniň ýok çäresi,
Gözeliň bolmaz harasy,
Uzyn-gysganyň arasy,
Orta miýana söwdügim.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.