Istäp Ki Gözel Ýary – Mollanepes

Istäp ki gözel ýary,
gördüm ki salamatdyr,
Baş goýdum aýakynda.
«Tur! – diýdi – ne halatdyr?»
Turdum, diýdim: «Arzym bar».
– «Arz eýle adalatdyr!»
Diýdim: «Saňa aşyk men…»
«Goý – diýdi – ne hajatdyr?»
Diýdim: «Periler hany,
Sensiz neterem jany?»
Diýdi: «Bu sözüň bizge
ýalgançy hekaýatdyr».

Diýdim: «Gözüň öldürdi,
gamzaň ki kylyp hasta».
«Şeksiz öle sen – diýdi –
bir gaýry watan iste».
Diýdim ki: «Özüm gitsem,
köňlüm saňa wabeste!».
Diýdi: «Ne alaç eýleý,
sen aşygy – näkeste!»
Diýdim ki: «Alaç eýle,
Husnuň maňa paç eýle!»
Bir güldi elin dişläp,
diýdi: «Ne kesapatdyr».

Diýdim: «Ne tütündir bu?»
Ol: «Zülpi käkilim» – diýdi.
Diýdim: «Ne elipdir bu?»
Ýar: «Inçge bilim» – diýdi.
Diýdim: «Ne şekerdir bu?»
– «Şerbetli dilim» – diýdi.
Bir posa talap kyldym
– «Lazymdyr ölüm» – diýdi.
Diýdim: «Meni öltürgil
Ýa posa mürewwet kyl!»
Agzymga çenäp ýumruk,
«Goý – diýdi, – gabahatdyr».

Umydy – wasyl birlen
işikni kiçik açdym,
Gözläp ki ýeň astyndan,
göz ümledi, men düşdüm,
Duşmanlara duýdurmaý,
bir lahza habarlaşdym,
«Pinhan ýere bar» diýdi,
geldi ki gujaklaşdym…
Diýdim: «Meni yşkyňda
köýdürme meni, eý jan!»
Diýdi ki: «Ýanyp köýmek
aşyklara adatdyr».

Diýdim ki: «Güli-jennet,
bir dem süreli aşrat…»
Diýdi ki: «Säher boldy…»
– turdy, diledi rugsat.
«Rugsat ki bereý – diýdim
– araga düşer pyrkat».
Ýyglap ki golum tutdy.
«Sen çekme, – diýdi, – hasrat.
Diýdim ki: «Meni öldir bu –
aýralyk, eý dildar!»
Diýdi: «Saňa bu aşrat
her gije zyýapatdyr…»

Gapyda kişi goýdy.
«Gaşyga baraý» diýdim,
Diýdi ki: «Nedir kesbiň?»
– «Gullukda duraý» diýdim,
Perde bile sözleşdi.
«Aç ýüzüň göreý» diýdim,
Diýdi ki: «Getir muzduň»
– «Janymny bereý» diýdim.
Diýdi: «Bu ne diwana?»
Diýdim: «Saňa perwana».
Diýdi: «Saňa görmek ýok,
jan tende amanatdyr».

Diýdim ki: «Meniň köňlüm
almazmy sen, eý zalym!»
Diýdi ki: «Ne akmak sen,
halk diýr ki saňa alym».
Diýdim: «Ne günähim bar,
diýgil, nedir agmalym?»
Diýdi: «Nahan syrrym
halk içre kylyp mälim».
Diýdim ki: «Günäkärom,
Mähnetge giriftaram».
Diýdi maňa ol ýarym:
«Mähnet soňy rahatdyr».
«Neden ki gözüň ýaşy
girýan baradyr?» – diýdi.
«Pyrkat ki ýaman» – diýdim.
– «Synam ýaradyr» – diýdi.
Boýnyga golum saldym –
«Duşman göredir» – diýdi.
Öpdüm ýaňagyn – «Eý waý,
bagtym garadyr…» – diýdi.
Diýdim: «Bu ne käýişdir?»
Diýdi ki: «Bu ne işdir?»
Men diýdim: «Ajap işdir».
Ýar diýdi: «Melamatdyr».
Ýatganda güli-gülşen
bir gije gelipdir men.
Durdum ki gulak saldym,
ukuda ýatan erken.
Bardym ki ýüzün açdym,
oýgandy gazap birlen.

«Kim sen?» diýdi.
Diýdim: «Men».
Diýdi ki: «Nepesmu sen?»
Diýdi ki: «Gelip sen hoş,
Hoşwagt bola sen» diýdi.
– «Aşyk bile magşukdan
bir-birge hoşamatdyr»

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.