Isanym – Magrupy

Isanym
Haky pena bilip, sana sygynyp,
Yhlas bilen ýörip geldim, isanym!
Ikinji Haýdaryn ýolunda ýörüp,
Üçünji äleme doldum, isanym!
Toýnak bilen dagyn-dasyn usatdym…
. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
Çoh isler gaýyryp, gala bosatdym,
Aly Zülpükaryn çaldym, isanym!
Könül gusy perwaz eder mesgen diýp,
Ýüz elwan bag diýip, täze gülsen diýp,
Owaly huda diýp, ahyry sen diýp,
Ýörip, uzak ýoldan geldim, isanym!
Aç gurt idim, niçe guýruklar gapdym,
Azyp idim, özüm pälimden tapdym.
Pil bilen göresip, gus bilen çapdym,
Paýlar sikest bolup galdym, isanym!
Bir ýryn yzynda ah bilen zaram,
Hakyn dergahynda umydywaram,
Karzdaram, borçdaram, namarda zaram,
Magrupy diýr, sana geldim, isanym!
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.