Iki Halta Ýük Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

IKI HALTA ÝÜK HAKYNDA HEKAÝAT

Atyp düýesine iki halta ýük,
Bir sähraýy arap barýar ýol söküp.
Çykan ýaly çökermegin kastyna,
Özi-de münüpdir ýükün üstüne.
Bir pyýada ona gelip pete-pet:
«Nirä barýan? Ýükün näme, aýan et?»
Diýeninde, aýdypdyr ol ýagdaýny:
«Biri çäge, beýlekisi bugdaýly».
«Çägäni ýük edip götermän näme?»
«Taýly bolsa, amatly-da düýäme».
«Eger-de bugdaýna gerek bolsa taý,
Dogry iki böl-de, haltana guýaý.
Nenen bu bolsuna janyn ýanmajak?
Eger seýtsen, ýarpy ýükün ýenlejek».
«Munun jaý maslahat, eý, akly dana,
Beýle pikir gelmändir-dä kelläme.
Akyl-husun seýle kesgir halyna,
Nämüçin pyýada barýan ýoluna?
Men düýäm ýas, güýç-kuwwaty zyýada,
Beýdip ýol sökme-de paýy-pyýada,
Derrew mün syrtyma.
Bu uzak ýoly Bile hümmüldesip geçermiz ýaly,
Bir onat bolaýdy mana dusanyn,
Bilsen, söhbetine musdak men senin.
Gürleseli barjak ýermize çenli,
Senin ýöne adam däldigin belli.
Samy sen ýa beýik halyfmy dostun?
Menden syr gizleme, sözle sen rastyn.
«Samsyk ham-hyýaldan doldurma serni,
Heý, sa-da men ýaly jinde geýermi?»
«Belki, süri-süri mallaryn kändir,
Olar gin sährada agyp-dönýändir?»
«Mal nirede? Men bir ykmanda, kärsiz».
«Belki-de, sen tüçjar bir söwdagärsin?
Islen ugrunadyr, sowlulyk ýardyr,
Del harytdan doly dukanyn bardyr?»
«Su sanan zatlaryn hiç haýsysam ýok».
Arap aýdan: «Aý, munun-a bolanok.
Berýän maslahatyn diýsen akylly,
Seýle jenaplar bir gudrat, hökümli.
Paýhasy jöwher deý kesgir hem dury,
Sanardan kän olan tyllasy, zeri.
Altyna öwürip bilýärler misem,
Solar ýalyn biri bolaýma, how, sen?»
«Basyny aýlapdyr halys ham-hyýal,
Men senin o diýýän adamlandan däl.
Gezende men. Ömrüm geçirip ýolda,
Mydar edýän ýykma-ýykylma halda.
Basga-da kän menin ýaly derwüsler,
Rysgyn üzüp bu ýigrenji durmusdan,
Dilleri senaly, diläp sadaka,
Ömrün ötürýärler ýol söke-söke.
Hijisem bihal däl, akylly bary,
Ýöne gerdeninde dünýän azary…»
Arap bu sözleri esden dessine,
Henkirip baslapdyr onun üstüne:
«Hapysa hamyny soýmankam diri,
Düs basym düýeden ykmandan biri.
Heýwere keselin ýokusaýmasyn,
Ýanymdan garany saýla sen basym.
Sen bilen bir ugra gitmegem dürs däl,
Basga-basga taýa uzasyn bu ýol.
Belli zat sen bilen ýolumyz aýra,
Sen ilerik gitsen, men gitjek gaýra.
Sen önemi? Men yzyma dönerin,
Biderek sunça ýol geçdim diýmerin.
Alman mana beren maslahatyny,
Bugdaýa taý edip äkitjek gumy.
Akylynam kime bersen, sona ber,
Belki-de, bir samsyk ona begener.
Suny-da aýdaýyn: bir zady bil sen,
Senden mün esse baý samsygam bolsam».
Kyn ýagdaýa duçar eýlese aklyn,
Gerekmez çäge deý, sen ony dökgün.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.