Içmek – Kemina

Agşam gelin oturdym,
hiç gelmedi ýanyma,
«Ot gerekmi, suw gerek»
diýmedi myhmanyna,
Egnime algaşdyrsam,
ot goýberdi janyma,
Ýama saýy biri bar,
bit bile doly içmek.

Meň köwlän çigildemim
Töwrizde kyrkdan aşdy,
Uzyn gije büküşip,
aýak kibtimden geçdi,
Eden işim bilmedim,
aklym başymdan çaşdy,
Şokurdap, il ürküzer
ogşuk bahaly içmek.

Ertir turup seretsem
— dag keýginiň sarysy,
Saryna ýagyş degen,
hiç galmandyr derisi,
Tüýli ýerinden känräk,
tüýsüz ýeri—ýarysy,
Kimden galan ylhanat,
ogşuk bahaly içmek.

Içmek, seniň taryhyň
kyrk ýamalar görüpdir,
Synyn silkip, toýlarda
niçe döwran sürüpdir,
Uk ýaly galdyrsam,
«omyn» diýip durupdyr,
Ýel giren ýyrtyklaryň
çişläp bogaly, içmek.

Bu-ýa bir şeýle possun,
muny alyp saklasaň,
Kän görer sen peýdany,
Hywa, Buhar ýükleseň,
Bir azrak kemi bar,
guşuň dersin bekleseň,
Kimden galan şylha sen,
şeýle «mazaly» içmek.

Nuhuň gämisin tartan
babamyza satandyr,
Ýel-ýagmyryň astynda
ýetmiş ýyllap ýatandyr.
Alakadan, garsakdan
çala başyn çatandyr,
Şondan galan ylhanat,
ogşuk bahaly içmek.

Bu possuna taý ýokdur,
barsaň yrak zemine,
Akmaklykda ýapynyp,
düşdüň bitiň demine,
Bit-büräniň öýüdir,
barma munuň çemine
Kimden galan şylha sen,
şeýle «mazaly» içmek.

Kemine diýr, daň atar,
alla maňa ýar bolsa,
Özge çatma gerekmez,
pakyr çatma bar bolsa,
Içmek, seniň daşyňda
iller hyrydar bolsa,
Il ýygnanyp, nyrh kesse
— erkek bahaly içmek.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.