hrat – Kerim Gurbannepesow

Çingiz Aýtmatowa

Şöhrat gözleýjiler,
men bu şygrymy
Size bagyşlaýan. Bolsa wagtyňyz,
Okap görüň. Belki saýgararsyňyz –
Nirde betbagtlygňyz?
Nirde bagtyňyz?

Meselem, aýdaly barmyşam sizde
Iň ullakan şöhrat, iň ullakan at,
Ony götermäge iň ullakan güýç,
Iň ullakan baldyr, iň uly gaýrat
Gerekdigi hakda oýlandyňyzmy?
Ol ýüküň astynda egilşip aşak,
Men diýen gerçekler müjrüp bolýarlar.
Nebir ärler bolsa gaýdyp başaşak,
Onuň ýelgininden bolýarlar heläk,
Siz bolsa şöhraty sag-soldan diläp,
Kä yrymdan diläp, kä paldan diläp,
Kä hileden diläp, kä aldan diläp,
Ony gujagňyza çagyrýarsyňyz.
Ol bolsa öwrenşen çakylyk bile.
Aldaw, haýyş, buýruk, gykylyk bile
Gelenok ol.
Diňe iş salyşýar ol
Ümsümlik,
Tämizlik,
Bakylyk bile.

Şöhrat – bir owadan gelin ýaly zat.
Her kes eýgermeýär yzyna onuň.
Men diýen gerçekler, men diýen ärler
Zordan hötde gelýär näzine onuň.

Onuň ädimlerem, näzlerem apat.
Kirpiklerem apat, gözlerem apat.
…Serediň, ýegşerip köçä çykypdyr
Şöhratdan ýüküni tutan bir äpet.

Şägirdiniň ýanna myhman gelýär ol,
Şunça ägirt ýüki duýman gelýär ol,
Ýarym asyr bäri şol uly ýüküň
Astynda sojaman,
Aman gelýär ol.

Ulynyň, kiçiniň nazary şonda.
«Hanha pylan!» diýip, uzalýar eller.
Onuň aýaklaryn basyşyndan-da,
Gepleýşinden gulak asyşyndan-da
Sapak almak üçin
Seredýär iller.

Onuň oturşyndan, galyşyndan-da,
Salam berşinden, alyşyndan-da,
Uýalan mahaly – ýygrylşyndan-da,
Guwanan mahaly – ýylgyrşyndan-da,
Şatlanmaly ýerde şatlanşyndan-da
Hatda çilimini otlaşyndan-da
Mysal almak üçin
Seredýär iller.
(Şunça nazarlaryn, salýan agramyn
Diňe agras nazar göterip biler).

Siz bolsa bihabar öz boýuňyzdan,
Öz agramyňyzdan, öz güýjüňizden,
Abraý-şöhrat diýen asylly zady
Ýeňles gyzdyr öýdüp öz içiňizden,
Onuň gujagyna doljak bolýaňyz
Pirim, hile bile, mahabat bile,
Berim-peşgeş bile, gep-gybat bile.
Ol bolsa ne aldaw, ne sowgat bile
Ýanyňyza gelýär,
iş salyşýar ol
Zehin, zähmet bile,
Kanagat bile.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.