Howdandaky Üç Balygyn Basdan Geçirenleri Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

HOWDANDAKY ÜÇ BALYGYN BASDAN GEÇIRENLERI HAKYNDA HEKAÝAT

Ýurtlaryn birinde bir howdan bardy,
Ol ýerde üç balyk erkin ýasardy.
Birisi akylly, biri samsygrak,
Üçünjisi akyl-paýhasdan yrak.
Gadym bir kitapda olar hakynda
Okapdym. Islesen, okap gör sen-de.
Bir kowçum balykçy bir gün dan bilen
Sol ýanky howdanyn boýuna gelen.
Duýup üstlerine howp abanýanyn,
Gyssandylar halas etmäge janyn.
In akylly balyk için gepletdi:
«Bu ýerden gaçmagyn pursaty ýetdi.
Dostlaryma sala salman, genesmän,
Gaçaýmasam, sonra etdirer pusman».
Halas etmek üçin sirin janyny,
Terk eýledi balyk öz howdanyny.
Yzyndan it kowýan ýekegapan-da
Gaçar seýdip, sypan ýaly sapandan.
Aýdyslarna görä, hatda towsan-da,
Itden gorkup ýatarmysyn düýsünde.
Bar bolsa her kimin uly gorkusy,
Düýs görme nirede? Gaçar ukusy.
Sol akylly balyk kän ýüze-ýüze,
Howlugýardy ýetmek üçin denize.
Basyndan geçirip ençe külpeti,
Ýadamagy, ýaltanmagy bilmedi
Asuda bir ýeri arzuw etdi ol,
Ahyr göwün diýen ýerne ýetdi ol.
Töwerek asuda, iýmitem boldy,
Balyk bu ýagdaýa köp hosal boldy.
Ýaýnap geziberdi täze ýerinde.
Ikinji balygyn ne bar serinde?
Olam ota sokup samsygrak basyn,
Gözlerin tegeläp, garandy dasyn.
«Wah, menem galmaly däldim joramdan,
Onun bilen gyl geçmezdi aramdan.
Ýöne ol duýdurman gaçanam bolsa,
Eniberen bolsam, haçanam bolsa,
Yzyndan ýeterdim ahyrsonunda,
Menden göwni aýra däldir onun-da».
Ökünçden haýyr ýok, boljak is boldy,
Basyny gutarman pursaty geldi.
Nädip halas bolup boljagy hakda
Öz aklyna görä ölçerip-dökdi.
«Halas etmez meni ne ot, ne bagta,
Oýlanmaly basga çykalga hakda.
Gutulmaga basga niçik ýol barka?
Ölen bolup ýatsam, nähili borka?»
Gelen su pikirin makul tapdy ol,
Garnyny akjardyp ýüze çykdy ol.
Bir balykçy görüp ony dessine,
Basyn ýaýkap, zyndy çägän üstüne.
Howdan bilen golaý bolanson ara,
Balyk urnup-urnup, ýetdi kenara,
Bildirmän özüni bol suwa urdy ,
«Gonanny-gol, göçenini-ýel gördi…»
Barypýatan samsyk – üçünji balyk
Halas bolmak üçin azara galyp,
Näçe urunsa-da, bolmady haýry,
Ýol galmady ele düsmekden gaýry.
Gowrulyp durka-da ýanky biçäre
Öz agyr derdine gözledi çäre.
Dostlaryn ýatlady sonky deminde,
Islegi bolmakdy solan deninde.
Seýde-seýde, düsdi janyndan jyda,
Samsyklygyn ahyr pellesi su-da.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.