Hosniýetli Aýy Bilen Dostlasan Samsyk Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

HOSNIÝETLI AÝY BILEN DOSTLASAN SAMSYK HAKYNDA HEKAÝAT

Bir gün Aýy ýylan bilen garpysyp,
Egbarlan mahaly ysgyndan düsüp,
Ona kömek berip edenli adam,
Halas etdi dogry gelen beladan.
Ejizi goldasa biri kyn günde,
Ona hormat artýar her bir göwünde.
Kim seýle goldawa bolmasa taýyn,
Sol kisidir ýigrendigi Hudaýyn.
Dine özün bilýän tekepbir bende,
Bela duçar bolar wagty gelende.
Ýanky batyr kisi aýaman janyn,
Halas edip gazabyndan ýylanyn,
Ägirt uly är isini bitirdi,
Adamlary köp beladan gutardy.
Aýy tagzym edip onun önünde,
Hosallyk bildirdi açyk göwünden.
Janpena hem sakçy bolup ynsana,
Gapdalynda gezdi gitmän hiç ýana.
Bir ötegçi synlap bolsuny olan,
Seý diýdi adama ýuwaslyk bilen:
«Bu gödek mahluga etme sen ynam,
Samsyk bilen dostluk dusmanlykdanam
Beterräkdir. Sana çynym aýdaýyn,
Gowy däl, halypa, düsen ýagdaýyn».
Batyr aýtdy: «Jara dök bu akylny,
Sen mana göriplik edýän sekilli».
Ötegçi seý diýdi: «Sag bolsun janyn,
Ýöne göriplignin dana ynsanyn,
Haýwan dostlugyndan peýdalydygna
Düsünäýsen, onat bolardy sen-de.
Sen gözlerni açmak maksadym, netim,
Aýyny tasla-da meni dost tutun.
Iki bolup ýola düseli durman,
Seýtmesen, sonundan çekersin arman.»
Batyr aýtdy: «Bar-aý, ýolundan galma,
Aýy bilen aramyza al salma».
«Meninki-hä sana maslahat bermek,
Ret etmek ýa-da ona eýermek
Öz isin, halypa, keýpin kellände,
Zyýana-ha galmazdyn in bolmanda».
«Goý, galsam, men galýan.
Sen öwdün artyk, Öz barýan ýoluna gidiber ýortup…»
Ötegçi öwüdi geçmänson sana,
Ýene öz ýoluna boldy rowana.
Batyr kisi howan yssy gününde
Uka gitdi bir gün bagyn teýinde.
Öz halasgärinin basujyn alyp,
Aýy otyr ona goragçy bolup.
Bir sinek wyzzyldap, aýlanyp ýördi,
Garnyn doýurmaga peýlenip ýördi.
Aýy yhlas bilen kowsa-da herne,
Ukudaky bendän o ýer, bu ýerne
Häli sindi gonup, ýene uçýardy,
Onun seýle nejis gylygy bardy.
Kowup, bizar bolan Aýy biçäre
Sinekden dynmaga gözledi çäre.
Ana, ýene kellesine gondy on,
Garaz, Aýa berýän derdi kändi on.
Aýy halt-halt edip, her ýana çapdy,
Ahyram bir ýerden harsan das tapdy.
Aýy – barypýatan dikdüsdi, tentek,
«Bite gahar edip, ýorgan otlan» dek,
Ýatan bendän kellesini nas etdi,
Yzyndanam mölterilip esetdi.
Eger samsyk bilen bolsanyz ülpet,
Iner ahyrsony basyndan külpet.
Dasynda pyrlanyp, oda düsse-de,
Dostluk, wepa hakda kasam içse-de,
Hut salgyma golun salgan ýalydyr,
Sony puçdur-ýel gysymlan ýalydyr.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.