Hoşlaşyk – Kerim Gurbannepesow

Duşuşyp günleriň täzesi bilen,
Hoşlaşyp günleriň könesi bilen,
Şujagaz ömrümde, gysga ömrümde
Ajy, süýji günleň känisi bilen
Hoşlaşdym. Hoşlaşdym baş Söýgi
bilen –

Ähli sonalaryň seresi bilen.
Sonamy elimden äkiden dünýäň
Kem-kem ýitip giden garasy bilen
Hoşlaşdym. Hoşlaşdym baş Hossar
bilen –

Atamyň jepakeş elleri bilen.
«Eje, çörek!» diýip, ajyndan ölen
Bir eşrepi çagaň dilleri bilen
Hoşlaşdym. Hoşlaşdym şum Uruş
bilen –

Ähli uruşlaryň eýmenji bilen,
Hoşlaşdym balasyn aldyran enäň
Eräp akyp giden göreji bilen…
Hoşlaşan-da bolsam ol ýyllar bilen,
Söýgüler, gözýaşlar, gaýgylar bilen,
Heniz henizlerem her ädimimde
Şol duşuşyp ýörün
Men olar bilen.

Bugdaýreňk, baýdak boý
bir sona görsem –
Gözlerinde görnüp özümiň sonam,
Özümden idinsiz sakga sagynyp
Hem ýuregim gysýar,
hemem buýsanýan.

Giň maňlaý, çal sakgal bir ata görsem –
Öz atam, öz kyblam düşüp ýadyma,
Her sapar goşup dur hasrat notasyn
Her täze setirme, täze aýdymma.

Ak gyňaç, ak saçly bir ene görsem –
Dört ýyl aglap, gözün ereden ene
Oglunyň suratyn bagryna basyp,
Ak saçlaryn ýaýyp, bozlap dur ýene.

Mele saçagmyzdan her säher, her şam
Mele-myssyk nany sogran badyma,
Ajyndan ölenje şol çagaň eli
Ösgünje dyrnagyn sünçýär buduma.

Ýuwdup bilmän çeýnäp duran nanymy,
Böwrüm diňşirgenip, seredýän aşak.

Duşuşyk köp bu dünýäniň ýüzünde,
Hoşlaşyk ýok…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.