Hiç Görmedim Illerde – Mollanepes

Keşt edip gezmişem pany jahany,
Sen deý gözel hiç görmedim illerde;
Köňlümiň aramy, menzil-mekany,
Şeýda köňül joşmaz özge güllerde.

Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,
Yşgyňda bahar men, köýüňde nar men.
Tä ölinçäm seniň ýoluň garar men,
Ryzwan kimin gözüm galdy ýollarda.

Säher seýle çyksa, ger tökse siller,
Owsunar her ýana, tutukdyr tiller,
Zerefşan gulpagy, syýa käkiller,
Çöşse ýere düşer, örseň billerde.

Nergiz gaşyň, helal gözüňe gurban,
Adyň zikr etmäge dilde ýok perman,
Bir janym bar, müň derdim bar,
sen derman,
Jismim ot içinde, ýaşym sillerde.

Mis özün deň etmiş simu-zer bilen,
Muş barabar bolmuş murgy-per bilen
Zäher hemra bolmuş bir şeker bilen,
Enwer ebr içinde, göwher köllerde.

Elwan geýip, gyýa-gyýa bakar sen,
Zerewşan zülpuňi ýere döker sen,
Seýle çyksaň, ak jeren dek böker sen,
Jeren hem sen kimin bökmez çöllerde.

Nepes diýr, adatdyr, möwç urup joşma,
Aşyga humardyr ogryn garaşma,
Hem jilwe, hem gamza, näzu-kereşme
Mekan tutmuş göz-gaşyňda, gollarda.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.