Hat – Kerim Gurbannepesow

Köçäň ugrunda poçta ýaşşigi.
Bir köçäň ini menden daşlygy.

Göýä diwara gonan gögerçin,
Eýeläp otyr bir köçäň burçun.

Öňümde stol, elimde galam –
Işläp otyryn… Işleýär olam.

Açylýar agzy. Atylýar hatlar.
Girýär içine şatlyk, hasratlar.

Çarşenbe güni (Giç galsa – anna)
Gögerýär bir gyz ýaşşigiň ýanda.

Gyzy görende ýylgyrýar ýaşik.
(Gara demri-de ýylgyrdýar ýaşlyk!)

Gögerçin ýaşşik ýylgyrdy ýene.
Gyz ýetip gelýär seredip ýere.

Ýere bakarmyş gyzlaryň gowsy…
Ýene-de hatly çabdynyň jübsi.

Hatyň bir çeti görnüp dur çala.
Atyber, uýam, köçämiz çola.

Ne kakaň görjek, ne-de bir ejeň…
Ýatandyr häzir gybatçam,
gepçem.

Olar ir ýatyp, giç turýar ahyr…
Bir Seni görýän ukusyz şahyr.
Şahyrdan
Söýgä
Ýetmezmiş zyýan.
Eliňden gelse – peýda biýr, uýam.

…Girdi barmaklar keşdeli jübä.
Gözlerim guwä, gulagym güwä.

Gözüne sürtüp nagyşly haty,
Bir zat pyşyrdap, ýaşşige atdy.

Labyrdap düşdi ot ýaly ýürek.
(Ýaşşik bolmak hem kyn bolsa gerek!)

…Üç aýa çekdi bu täsin görnüş.
Isle gar ýagsyn, isle-de ýagyş –

Şol belli günler, şol belli sagat
Girdi ýaşşige labyrdyly hat.

…Ýene çarşenbe, ir sagat ýedi…
Sekiz, dokuz, on… gözel gelmedi.

Ötdi penşenbe. Göründi anna.
Görünmedi gyz ýaşşigiň ýanda.

…Geçdi dekabr. Ynha-da ýanwar
Ýetdi Täze ýyl – ne hat, ne gyz bar.

Garaşýar ýaşşik. Gelenok gözel…
Näme geleňok? Gelýärdiň ozal.

Ýa Haýyr işi ýeňdimi Ýaman?
Ýigit wepasy çykdymy ýalan?…

Gyzdan jogap ýok. Şuwlaýar ýanwar.
Ýagýar gar,

Ýagýar gar,
Gar ýagýar…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.