Harasat – Kerim Gurbannepesow

Howa ýakyp barýar.
Giden asmandan
Tapjak miltiň ýokdy
bir çümmük bulut.
Gojalar bälçirýär: «Bar buldy toplap,
Ýassygyna gaplap, uklapdyr Burkut!»

Howa ýakyp barýar.
Giden asmandan
Tapjak miltiň, ýokdy
bir mysgal şemal.
Gojalar bälçirýär:
«Haýdar ataň, hem
Ýeli kädä gaban bolmagy ahmal!».

Birdenem magrypdan bir
ýympyk şemal
Ot üfläp başlady… Asmany gaplan
Çalymtyl reňkli küle meňzeş zat
Ýere döşün berdi…
Başlandy tupan.

Adamlar ylgaşyp öýlerne girdi.
Gaýyň bolsa huşy başyndan göçüp,
Egninden gum sowrup dälireýärdi.
Atalar äpişgäň öňüne geçip,

Güwläp durdy taly, deregi bilen,
Çynarlary bilen, güjümi bilen.
Agaçlar döş gerip söweş edýärdi
Tupanyň musallat hüjümi bilen.

Şahanyň yzyndan omrulyp şaha,
Agajyň yzyndan ýykylyp agaç,
Aýylganç ses edip,
güwwüldäp gaýdýar,
Daşaryk çykmak däl,
Bakmak aýylganç.

…Bela geçdi gitdi. Daşaryk çykdyk.
Arçalar, çynarlar leýs bolup ýatyr,
Ýarysy ýaradar, ýarysy heläk…
Itgyzganlar bolsa
Pezzerşip otyr.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.