Harap Eyledi – Magrupy

Harap eyledi
Eý ýaranlar, geldi ýaman zamana,
Zalymlar ülkäni harap eýledi;
Derwüsler mest olup, gaýtmaz haramdan,
Mollalar içenin serap eýledi.
Aradan kesildi azany-kamat,
Galmady illerde ähli-diýanat,
Patysalar kylmaz boldy adalat,
Salar nökerine azap eýledi.
Bilip, özün dogry ýola salmazlar,
Jahyllar zahytlar gadryn bilmezler,
Kazylary adyl diwan sormazlar,
Para alyp, (birege) güzap eýledi.
Bilin, kiçiklerde iba galmady,
Tanry takdyryna ryza galmady,
Ekseri gyzlarda haýa galmady,
Ogul atasyna jogap eýledi.
Magrupy diýr, garyp gulun adyna,
Hak sungundan her söz düser ýadyna,
Sibli kibi ýansam yskyn oduna,
Ysk menin bagrymy kebap eýledi.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.