Halypalyk – Kerim Gurbannepesow

Goşgy älemindäki iň
ilkinji synanyşyklarymyn
hemaýatkäri «Sowet
Türkmenistany» gazetinin
şol mahalky redaktory
Şamyrat Täşliýewe

Käte özüm bilen özüm geplesip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
…Iň uly halypam Pyragy weli,
Ilkinji ädimmi penalamakda
Ilkinji goluny uzadan adam
Başga howandardy, başga kişidi.
Ol Pyragy däldi. Ýöne meň üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm geplesip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
…Ullakan halypam Puşkindi weli,
Täze halypam hem halypalykda
Şonça iş edipdi. Ejiz setirlem
Şonun emri bilen alga geçipdi.
Ýok, ol Puşkin däldi.
Ýöne şo pursat
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Käte özüm bilen özüm geplesip,
Pikire batýaryn halypa hakda.
…Ullakan halypam atamdy weli,
Ikinjisi duşup ýowuz ýaşlykda,
Orakly atamyň ýetişmedigni
Kem-kemden taplapdy eli çekiçli.
Ýok, ol atam däldi.
Ýöne meň üçin
Şondan ne uludy,
Ne-de kiçidi.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.