Halal Gezer – Kemina

Dünýe bir bimesrep jaýdyr,
Haram gezer, halal gezer;
Mal eýesi pylan baýdyr,
Adam ornuna mal gezer.

Şerigaty bilseň dogry,
Aýtmasaň, boldugyň ogry,
Kazy egri, müfti egri,
Elip ornuna dal gezer.

Galypdyr kelamyň sözi,
Kör begenmez gören gözi,
Pir bolar şeýtanyň özi,
Sopular hem haýal gezer.

Sena bolmaz subhy-şamda,
Til – gybatda, gulak – tamda,
Kemine diýr, şu eýýamda
Sogap ornuna kal gezer.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.