Gyzlar Hem Şahyrlar – Kerim Gurbannepesow

I
Gyzlar, gyzlar
Siz dünýäniň bezegi.
Bu dünýäden dünýä bolarmy sizsiz?
Asmanyň, zeminiň bar gözelligi
Siziň gaşyňyzda bir agyz sözsüz
Dyzyna çökýär, duz kessin…

Haçan başlandyka siziň waspyňyz?
Ol waspyň öňi ýok, gutarmaz yzam.
Siziň ýaly taryp edilen däldir
Patyşalar-a däl,
Allanyň özem.

Dünýe döräp size aýdylan waspyň
Müňden bir bölegin aýtsalar bize –
Ýagny erkeklere – onda biz bir wagt
Däliräp, dübleşip, çykardyk düze.

…Size agaçlaram, güllerem aşyk.
Bagbanyň özi-hä aşyk has beter.
Altmyşdanam aşan gojadyr weli,
Yzyňyzdan ogryn-ogryn eseder.

Men gül ýolsam şol
bagbanyň bagyndan –
Gül aglar, bagbanam taýagyn salar.
Siz ýolsaňyz gül bagbanyň bagyndan –
Gül güler, bagbanam görmedik bolar.

Siz çöle barsaňyz – ýaňaklarňyzy
Sazaklar sazakdan gabanyp ogşar.
Siz derýa girseňiz – aýaklarňyzy
Balyklar balykdan gabanyp ogşar.

Siz daga çyksaňyz – keýikler sizi
Keýikmikäň öýdüp ysgaşyp öter.
Näzikler içinde iň näzigi siz,
Beýikler içinde ondanam beter.

II
Köşek gözli, goýun gözli gözeller,
Gara gözli,
mawy gözli gözeller,
Maral gözli,
hüwi gözli gözeller,
Bir-birinden
gowy gözli gözeller,

Şahyryň gaşynda siz otursaňyz,
Müň ýyl gözün gyrpman
bakmagy mümkin,
Ýöne weli ýaman göz bilen däl-de,
Sizi ýaman gözden saklamak üçin.

Ömürboýy siziň gözleriňizden
Goşgy okap; goşgy gözleýän gözler
Birden alaç tapman gyrpylaýsa-da,
Şöhläňizden gamaşýandyr, gözeller.

Diňe gözlerňiziň şöhlesi däl-de,
Egin-egne berip köçä çyksaňyz,
Öň mahal ýer basan aýajyklarňyz,
Şor basan, kir basan aýajyklarňyz,
Çöp basan, çör basan aýajyklarňyz
Gamaşdyryp barýar gözleri bu gün,
Köçelerden aýak derýasy akýar.
Ol derýaň şöhlesi kän ýigitleri
Käteler büdredýär,
Käte-de ýykýar.

Siziň bolsa gaýta böwregňiz bökýär.
Olaň büdreýşine gülýäňiz gaýta.
Wah, diňe ýigitleň büdreýşine däl,
Ýeriň ýarygna-da gülýäňiz käte.

Gaşymdan lowurdap siz ýöreseňiz,
Meni hem büdredip
ýykmagňyz mümkin.
Ýöne bir goşgyny menden alyň siz
Her gezek büdredip ýykanňyz üçin.

«Aýajyklarňyz, wah, aýajyklarňyz»…
Diýip, ömürboýy gaýtalan Puşkin
Göräýse şu günki aýajyklary,
Ýörite-ýörite büdremek üçin
Köçelere seýle çykmagy mümkin.

Köçeden lowurdap siz ýöreseňiz,
(Meniň göwnüme-de bolmagy mümkin)
Siziň özüňizem käte-käteler
Biri-biriňize şeýle bir içgin,

Şeýle bir hyrydar seredýärsiňiz.
Diýdirýär: özlerem özüne aşyk.
Şeýdip gözellige bakar gözellik,
Şeýdip haýran galar ýaşlyga ýaşlyk.

Siziň yzyňyzdan seredip şonda,
Kiçijik howsala duýýaryn käte.
«Gözelligi, goý, synlasyn gözellik,
Emma gorasynam!» diýýärin käte.

Wepadar muşdakmy,
Biwepa muşdak –
Siziň aşyklarňyz köp bolýar örän.
Goraň siz, goraň siz gözelligňizi,
Her dürli muşdaklaň köpdügne görä.

Muşdaklaň özüniň köplügi ýaly,
Olaryň gepi-de köp bolýar örän.
Goraň siz, goraň siz gözelligňizi,
Käte gepiň ýöne gepdigne görä.

Uruşmy, ýaragmy,
Adatmy, dinmi –
Gözellik ýagysam köp bolýar örän.
Gözelligi baýdak edip göteriň,
Heniz gödekligiň köpdügne görä.

III
Şahyr – ähli gözelligiň dogany,
Şahyr
ähli gödeklige ýagydyr.
Haýsy halkda gowy gyzlar köp bolsa
Şo ýerleriň şahyrlaram gowudyr.

Haýsy ýerde gowy şahyr köp bolsa –
Şo ýerleriň gözellerem edepli.
Şahyrlaryň mekdebidir gözeller,
Şahyrlaram gözelleriň mekdebi.

Häzirem şeýledir,
Ýene şeýle bor.
Şeýdip kemal berer mekdebe mekdep.
Ýöne weli siziň gözelligňiziň
Ysy has päkize,
Reňki has köp.

Her gözden seçilýär özüçe mähir,
Her ýüzden seçilýär özüçe güneş.
Biziň weli käbir şahyrlarmyzyň,
Sesem, ýüzem, ýaşam, reňkem meňzeş.

Bizem özümiziň goşgularmyzda
Nusga alyp siziň dürlüligňizden,
Dürli reňkli, dürli ysly bolmagy
Öwrenip bilsedik, gözeller, sizden.

Şonuň üçin
şony öwrenjek bolup,
Gözümiz aýyrman gözleriňizden,
Käteler öteräk seredäýsegem.
Gaty görüp durmaň, gözeller, bizden!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.