Gurbagadyr Alakanyn Söýgüsi Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

GURBAGADYR ALAKANYN SÖÝGÜSI HAKYNDA HEKAÝAT

Ýasaýys sertleri aýry bolsa-da,
Bir-birne bütinleý saýry bolsa-da,
Gurbaga dostlasyp Alaka bilen,
Gursady bir-birin alada bilen.
Biri gury ýerde, biri batgada,
Garaz, ters tarapy az däl basga-da.
Gurbaga moýmuldap çykýar kenara,
Seýdip, günbe-günden ysnysdy ara.
Ýapraklap, gül açyp söýgi daragty,
Ebedi ýalydy bularyn bagty.
Ýasap ýörüslerne hersi bir ýerde,
Bir gün aralarna gerildi perde.
Alaka lonkuldap geldi-de bir gün,
Sen-men ýok, baslady seýleräk gürrün:
«Gulak goý sözüme, söýgüli ýarym,
Sensiz ýok kalbymda aram-kararym.
Ikimizin mydam aramyz açyk,
Gygyrsamam käte: «Gel, kenara çyk»
Reýgan edip azabymyn baryny
, Geläýenok esdip ýürek zarymy.
Asyk magsugyny küýsän halaty,
Aýy-ýyla, güne döner sagady.
Senin yskyn bilen eýleýip mydar,
Ýanymda mahalyn bolýan bagtyýar.
Men-ä ýerin ogly, sen suw gözeli,
Bolsagam, hemise bile gezeli.
Sen bolýan salygna mana ýol ýapyk,
Bilmerismi munun çäresin tapyp?
Gel, seýleräk bir çykalga tapaly,
Aýagmyza uzyn bir ýüp dakaly.
Küýsän wagtym ana, sol ýüpi çekip,
Çagyraryn seni. Görýärsin niçik?»
Gurbaga munda bir çigligin baryn
Güman edip, az-kem dinledi böwrün.
Ýöne duýgy rüstem gelip akyldan,
Aýaklarna sol uzyn ýüp dakyldy.
Gezip ýör Alaka süýreýip ýüpün,
Birden ona gözi düsüp Bürgüdin,
Iýndi depesinden tokga das kimin,
Alakan dasynda pyrlandy Zemin.
Gurbaga görgülem ýüpe danylgy
Warryklady, sypjak bolup çygyldy.
Bor ýaly däl: hallan atyp howada,
Batgasyndan ara açdy so bada.
Adam bary bu ýagdaýy genledi,
Ýöne hiç kim sebäbini bilmedi.
Gurbaga öz sum täleýne ökündi,
Näçe urunsa-da, haýry ýok indi.
Kim islendik zatda öz taýyn tapman,
Ýasasa, in sony bulasar hökman.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.