Gün Tutulanda – Kerim Gurbannepesow

Bu goşgymda sazlaşyk ýok
Şu günki ahwal ýaly…

Howanyň ýüzi duşnüksiz
Jogapsyz sowal ýaly.
Jahan ýympyk, yşnaksyz
Jygyllykda satylýan çal ýaly.

Ne-hä bir gündiz ýaly,
Ne-de bir gije ýaly.
Haly ýaly al asman
Gum siňen keçe ýaly…
Ejir çekýär tebigat
Altmyşdan soň aýalyn
Aldyran goja ýaly.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.