Gulpagyň – Kemina

Ne belaň bar,
gutarmadyň zulumdan,
Görem, kulahyňy
göter, gulpagyň;
Ýüregim dalmynyp,
çykdy golumdan,
Janyma owsunlap
ýeter gulpagyň.

Ak ýüzüň hallary
nokatdan kiçi,
Gamzaň garakçydyr
jan almak öji,
Mejnuny ýandyrdy
Leýliniň saçy,
Leýliniň saçyndan
artar gulpagyň.

Köňlüm bähre tapar
oýnan oýnuňdan,
Sekiz jennet ysy
geler goýnuňdan,
Ikisin örüp, birin
goýber boýnuňdan,
Ýöräňde, sagryňa
ýeter gulpagyň.

Ýelkildeşip, ýatlar
bilen ýörülme,
Göze düşüp, göklügiňde orulma,
Sadagaň bolaýyn
menden aýrylma,
Görse bir nämährem,
gutar gulnagyň.

Yşkyň serişdesin erenler tutdy,
Aşyk bolan magşugyny unutdy.
Kemine diýr, menden ýigitlik ötdi,
Mundan hem ýakyndyr, öter gulpagyň.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.