Güllere – Kemina

Huplaryň şiwesi gara göz bolar,
Gör, tomaşa et bilbil bilen güllere;
Gözeliň şiwesi şirin söz bolar,
Sözle, gurban olam şirin dillere!

Al-ýaşyl geýinip, kümüş guranda,
Şitde-şemle inçe bile oranda,
Suw sonasy ýaşylbaşy görende,
Laçyn köňlüm telwas eder köllere.

Aýra düşsem, elip katdym ýaý bolar,
Aýrylmasam, köňlüm ajap jaý bolar,
Gül ýüzüň görmesem,
günüm aý bolar,
Aýym uzap gitdi ýyldan-ýyllara.

Kemine, goýmazlar ýar bilen ýary,
Pelekden dat eder geleniň bary,
Meniň dilim, seniň eliň hünäri
Nusga bolup galsyn ilden-illere.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.