Güller – Kerim Gurbannepesow

Howlymyň içinde bir bölek ýere
Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary.
Birisi gyrmyzy, birisi gara,
Birisi mämişi, birisi sary.

Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman,
Geleni bäri hem gözleri gülde.
Şol seredip otyr gözlerin gyrpman,
Göýäki diýersiň, bir suwsuz çölde
Bütin ömürboýy zar bolup güle,
Doldurýan ýalydy şonuň öwezin.
Myhmanym seredýär «Gijegözele»,
Myhmana seredýär «Gijegözelim».

Owadan gözlerin ertirden bäri
Aýryp bilmän otyr owadan pelden.
Goşgy goşmasa-da, tüýs şahyr borly –
Bir pursat sowaýsa gözlerin gülden,
Göýä güller göçüp ötäýtjek ýaly,
Bakýardy güllere gezek-gezegne.
Bakýardy «Nerkese», gyzyl «Piona»,
Bakýar «Georgine», «Gijegözelne».

Men güle-de aşyk. Güli söýýänleň
Özüne-de aşyk. Hem güle bakýan
Hem myhmana bakýan.
Güller hakynda
Bir ajaýyp pikir
Aýdar ol hökman.

Edil diýşim ýaly. Içdi-de çaýyn,
Sözledi gül hakda ajap bir beýdi –
«Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek…
Pomidor ekäýseň bolmaýamy!..» diýdi.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.