Gullar, Lukman Atly Gul Hem Olaryn Hojaýyny Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

GULLAR, LUKMAN ATLY GUL HEM OLARYN HOJAÝYNY HAKYNDA HEKAÝAT

Birçak Lukman diýilýän bir gul barmys,
Isi sowuk-sala berjaý kylýarmys.
Birhili äwmezek, haýal-ýagalmys,
Ýoldaslary on basyna baýarmys.
Gullan hojaýyny günlen bir güni
Miwe ýygmak üçin ýollapdyr ony.
Beýleki gullanam gidipdir bary,
Miwe ýygmak dälmis olan azary.
Datly miwelerden sygnap, doýanlar,
Hojaýyna: «Lukman iýdi» diýenler.
Bu ise dergazap bolan hojaýyn,
Darapdyr Lukmana hut möjek deýin.
Lukman sonda seýle diýipdir ona:
«Bular ýalan töhmet ýönkeýär mana.
Hudaýyn önünde bular günäli,
Pursat geldi synap görerin ýaly.
Bizin barymyzy synagdan geçir,
Ählimize dine gyzgyn suw içir.
Sonam: «Bol, ylgan – diý – barynyz bile!»
Senem yzymyzdan atyn debsile.
Bizi ýeke-ýeke ýörenden antap,
Seýtsen, syryn üsti açylar ansat…»
Hojaýyn hut onun aýdysy ýaly,
Etmeli islerni edipdir doly.
Gullaryn ählisin gyssap, kowalap,
Özi-de galmandyr gamçysyn bulap.
Biraz wagtdan son miwe iýenler,
Içlerinin towlaýanyn duýanlar.
Düsüpdir ählisi masgara hala,
Lukman arkaýynmys bir ala-böle.
Seýdip, açypdyrlar bu syryn üstün,
Akyl mekirlikden gelipdir rüstem.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.