Gozele – Magrupy

Gozele
Owal basda bu dünýäge gelemde,
Bir ata asygam, bir-de gözele,
Jäht ediban dünýä nazar salamda,
Bir ata asygam, bir-de gözele.
Dasarda bir bedew köwlenip dursa,
Ak öýde bir gözel towlanyp dursa,
Allahym ikisin bir ýerde berse.
Bir ata asygam, bir-de gözele.
Goýberende kuýan yzyn yzlaýan,
Gantaranda, dag basyny gözleýän,
Ibrisim käkilli oglan gizleýän,
Bir ata asygam, bir-de gözele.
Günde görsem on dört ýasar gyz kibi,
Münen çagym könlüm dasar ýaz kibi,
«Däh!» diýende daglar-daslar düz kibi,
Bir ata asygam, bir-de gözede.
Bir tar käkilini mün tümen diýr men,
Ýupar ysy gelen ýüz gyza bermen,
Münüp guwanar men, görüp doýar men,
Bir ata asygam, bir-de gözele.
Saçlary serinden düser ýüzüne,
Söwes güni gan tutular gözüne.
Dünýä maly hiç taý gelmez özüne,
Bir ata asygam, bir-de gözele.
Döwletýar beg diýer, gördüm ertäni,
Hak ýagsy ýaratdy döwlet bersäni,
Söýmüsem dünýäde iki nersäni,
Bir ata asygam, bir-de gözele.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.