Goşgular, Goşgular – Kerim Gurbannepesow

A. Prokofýewe öýkünme

Goşgular, goşgular,
Baý, köp-ä bular.
Munça-da bir goşgy bolar oguşýa.
Nämüçindir, başarýanlar az goşýar,
Başarmaýan kän goşýa.

Gürrüňim ýok başarýanlar hakynda,
Bu gürrüňim başarmaýan hakynda.
Emma weli näçe başarmasa-da,
«Başarýan!» diýp,
baş bermeýän hakynda.

Çapýar ol atyny,
Gamçylap çapýar,
Bir arapdan çykýar,
birem şarapdan.
Gamçysy hem, eýeri hem agaçdan,
Agyzdyryk, uýany hem agaçdan,
Wah, hiç-le bularyň agaçdanlygy,
Ýöne, arman, atyň özem agaçdan.

Wah, hiç-le atyň hem agaçdanlygy,
Arman, at sürýäniň özem agaçdan.
Belki, şeýdip çapyp ýörse agaçlar
Bedewe öwrüler ýuwaş-ýuwaşdan.

Äwmeklik şeýtandan,
Sabyr rahmandan,
Belki-de öwrüler. Men-ä garaşýan.
Ine häzirlikçe, baý, köp-ä bular
Munça-da bir agaç bolar oguşýan!
Bagyşlaň.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.