Göreşde – Kerim Gurbannepesow

Iki pälwan göresýär,
Ikisi-de çakyn däl –
Çekip biljek ýaýyn däl,
Atyp biljek okun däl.

Çanna ýaly çar penje,
Dim-dik duran iki bil –
Garpysanda – gosanil,
Çetlesende – ýekenil,

Käte-käte badasýar.
Käte-käte daslasýar.
Ýene birden göbekler
Bir-birini ogsasýar.

Duýýar sonda göbekler
Bir-birinin kimdigin.
Anýar sonda süýekler
Ýiliklernin dendigin.

Emma weli deňligi
Ret edýär ýürekler.
Hokurdaýar omuzlar,
Şatyrdaýar bilekler.

Eglip gidýär polat bil
Göýä ýumşak topalak.
…Polatlygy galat bil
Atýar birden sapalak.

Her kiçijik hiläni
Görkezip dur gündizlik,
Mertlik yza çekilip,
Orta çykýar ejizlik.

Hyrçyn dişläp bir adam
Öňe, öňe dykylýar.
Onýança-da bir pälwan
Çynar kimin ýykylýar.

Şonda birden gygyrýar
Öňe dykylan adam –
Ýok, ýok, ýykan ýeňmedi,
Ýeňdi ýykylan adam…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.