Gitdim – Mollanepes

Gara gözüň, galam gaşyň
Tirdir diýip, gaçdym gitdim.
Ýalpyldysyn gara saçyň
Mardyr diýip, uçdum gitdim.

Aşyk bolup, hiç gezmeýen,
Lebni bilmez, gant ezmeýen,
Daň-säherler hiç dözmeýen,
Gül dek ýüzüň açdym gitdim.

Bilbil söýer bagyň gülün,
Magşuk darar ol sünbülin,
Dura bilmän, ýaryň bilin
Emaý bilen guçdum gitdim…

Ýatypdyr, ak gol ýassanyp,
Ýüpek mahmallar üssenip,
Gapyny açdym gyssanyp,
Rahmet nuryn saçdym gitdim.

Reýhan göwni hoşdur ýazdan,
Köl kaýyldyr guba gazdan,
Müň gelinden, ança gyzdan
Şol perimni seçdim gitdim.

Dürler saçar ýar dahandan,
Müň geler hünär zybandan,
Nepes diýer, bu jahandan
Ýary taşlap, geçdim gitdim.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.