Gelinler – Kemina

Hoş gelip siz, hoşluk bilen gider siz,
Dünýäniň seýline gelen gelinler!
Bozulgan şährimi abat eder siz,
Gamda galan köňlüm alan gelinler.

Ak öýüň eýesi, baýyň gyzlary,
Eýýamyň soltany diýrler sizleri,
Hyzmata mynasyp görüň bizleri,
Muhapbat saýasyn salan gelinler,

Äre güftar gerek, gözele — summat,
Her kime ýetdirmez, bahasy gymmat,
Uzyn boýly, giň gujakly, hoş surat,
Hezzeti-hormaty bilen gelinler.

Ak ýüzüne gara zülpün ýaýypdyr,
Göýä aýyň ýüzün bulut alypdyr,
Hassa janym, buşluk, tebip gelipdir!
Derdimiň dermany bolan gelinler.

Bag miwesi bolmaz şirin dil ýaly,
Belli-belli sözüň bardyr bal ýaly,
Kemine diýr, akly-gyzyl gül ýaly,
Aşygyň janyny alan gelinler.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.