Geldi Ana Jananyň – Mollanepes

Buşluk, saňa janu ten,
geldi ana jananyň,
Arzuwy-wysal bilen
ol näzli gadyrdanyň
Isterki dowa senden,
al eliňe galamdanyň,
Barmakny katyp ýazgyl,
ýok bolsa syýadanyň,
Kagyza salyp nagş et,
ol serwi huramany.

Eý göz maňa gile etme,
janana gidenden soň,
Bak ýagşy nazar birle,
gülgün ýüzüni görseň,
Göz-gaşyna peşgeş diýp,
göz nuktasyny berseň,
Perwana sypat parlap,
jananadan öwrülseň,
Mestana basyp gelmiş,
bul kebik huramany.

Eý gol saňa rugsatdyr,
dal gerdene dolgaşsaň,
Eý leb saňa hem peşgeş,
gülgün meýiden içseň,
Sabr eýle tenim-janym,
her näçe ýanyp bişseň,
Köňlüňge ýeter dilber,
pinhan ýerde uçraşsaň,
Ister ki gara gözüm,
her derdine dermany.

Sen-sen periler şahy,
elbetde, jahan içre,
Dürdäne dişin goýmuş
gül-gunça dahan içre,
Aýnajan gelip düşdi,
tenha bu mekan içre,
Maksatly gözel ýarym,
girseň bu gün don içre,
Sözläne gulak salgyn
bu dürri suhandany.

Ýar diýdi ki rugsat ber,
köp söz bile durmaly,
Dostdan niçe duşman köp,
bu ýerde oturmaly,
Her günde gelip görsem,
halyňny şunuň ýaly,
Tutdum goludan pugta,
gitmekde anyň päli,
Seýr eýledim, eý dostlar,
bu bag bile bostany.

Ýar diýdi: «Eýa dilber,
ah çekme asyl, hergiz,
Bagş eýlem tamamyny,
sen kylma bu dem ferhiz,
Duşmanlara bildirmeý,
paýyňny berem, al tiz»
Gerdenge golum saldym,
maksatga kylyp engiz,
Goýdum lebim üstüne,
aý dek görüp Aýnany.

Ýar diýdi: «Jemalymdan
ýagtyldy seniň jaýyň»,
Diýdim: «Seniň hiç bolmaz,
dünýäde deňiň-taýyň»,
Diýdi: «Ne üçindir bu,
ah birle çeken waýyň»,
Diýdim: «Meniň halym teň,
ýokdur seniň perwaýyň,
Rehm et maňa, eý dilber,
aç bagy-gülüstany».

Eý Mollanepes, kylgyl
taňryga şükür berjaý,
Aýnaň lebiden gandyň,
ýok indi saňa perwaý,
Aýnaňa bu dem rugsat ber,
ýene alyp ki bir paý,
Şu hylwatyň az däldir,
içdiň bileje gök çaý,
Şükür edeýin ýetişdi,
bu köňlümiň istäni.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.