Gaýrat – Kerim Gurbannepesow

Berdi Kerbabalar,
Ata Gowşutlar,
Gara Seýitliler,
Rehmet Seýitler… –
Sogrulyp-sogrulyp gujagymyzdan,
Gara ýeriň gujagyna gitdiler.

Olar bize kän zat öwredipdiler.
Olaryň her demi bize sapakdy,
Olar bir-birinden goçak däldiler,
Her haýsysy öz ýerinde goçakdy.

Uly boldugyça ömür möçberi,
Ajal tygy batar ekeni kem-kem.
Her bir täze ölüm
kimiň kimdigni
Ölçeýän iň halal terezi eken.

Ömür hem özüçe ölçäpdi weli,
Ölüm anyklady olaň gymmatyn….
Öwlüýä dek mukaddes saklapdy olar
Ynsap,
Salam,
Edep,
Jedel hormatyn.

Mukaddes Salamyň hatyrasyna
Biri-birisiniň gözüne bakyp,
Mukaddes Ynsabyň hatyrasyna
Käte bir-biregiň göwnüni ýykyp,
Mukaddes Jedeliň hatyrasyna
Goç dek süsüşmegi başaryp olar,
Mukaddes Edebiň hatyrasyna
Erte säher ýene duşuşypdylar.

Olar belentdiler. Şol belentlikden
Ýeňip uly dünýäň ownuk gybatyn,
Dünýädäki ähli ownukçyllykdan
Ýokarda goýdular zehin gymmatyn.

Kiçiň hatyrasyn, ulyň hormatyn
Saklamagy är dek başaryp olar,
Arasynda käte ýalňyşsalar-da,
Ýalňyşmajak bolup ýalňyşypdylar.

Olaryň birisi
uçut gaýady.
Ýassanyp şol gaýaň kemerli böwrün,
Saýalar ýörerdik. Ýykyldy gaýa.
Uçdy uçut. Saýa küýseýär göwün.

Olaryň birisi
äpet bir şirdi.
Ýassanyp ol şiriň ýüpek dek böwrün,
Gorky-ätiýaçsyz uka giderdik,
Gitdi ol şir. Mertlik küýseýär göwün.

Olaryň her haýsy
uly bürgütdi.
Saýalap olaryň galkan ganatyn,
Bürgüt ýaşyna-ha ýetipsiň senem.
Ýöne barmy, şahyr,
Bürgüt gaýratyň?..

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.