Garyp Şahyr – Kerim Gurbannepesow

Ol sada adamdy, täsin adamdy.
Daňdan işe gidip,
ýassyn gaýdardy.
Kolhoz gurluşygna at daksa biri,
Şobada dört setir goşgy aýdardy
weli, at dakanyn işi gaýdardy.

Bütin kolhoz ony ýatdan aýdardy.
(Onson ýokdy ony saklajak miltin).
…Dulda iki ýaşşik kitaby bardy.
Açanda olaryn teletin jildin,
Ýanyk etin ysy içerik ýaýrap,
Ýarymaç garnyna biýrdi tetärik…
Söz başyn başlardy Magtymguludan,
Onson Zeliliden…
Kem-kemden bärik
Süýşüp-süýşüp, molla Keminä ýeter,
Onsoňam Ependä. Hezildir onsoň –
Şagal uwlaýarmy, itler üýrýärmi,
Harasat turýarmy –
duýmarsyň sen son.

Sag boluň ýetirip dargar adamlar.
Şobada beýleden gyzarar daňam.
Ol bolsa täk özi şol okar otyr
Dan gyzaransonam,
Agaransonam.

Ol garypdy. Tüýs ýarlykly garypdy
Zady üç keçedi, maly – bir geçi.
Bar malyny göterse-de bir eşek,
Bäş inere ýükdi ýüregniň içi.

Heniz gas-garady sakgaly, saçy,
Ýöne welin Hywa medresesini
Gutaran takwa-da ýanyna gelse,
Ýuwaş-ýuwaş peselderdi sesini.

Bir gün onuň ýanna bir adam geldi –
Aýagy mesili, kellesi pesli.
Tüňňüräk maňlaýly, bir gözi gülli,
Keşbine ters gelýän owadan sesli.

Garyp şahyr bilen görüşip gedem,
Köwşünem çykarman oturdy epeý.
(Soň görüp otursam, ol ile belli,
Ülkäni aňk eden bir ahun eken).

Gök çaýyň başynda gyzyşdy gürrüň.
Gürlendi panyýet, bakyýet hakda,
Gürlendi kyýasat, kanagat hakda,
Lukman, Osman hakda,
Muhammet hakda.

Soňra Nowaýydan açyldy gürrüň.
Onsoň Azadydan, Magtymguludan…
Birden ýaňky ahun,
tekepbir ahun
Dem alyp başlady uly-uludan.

Kime sataşanyn, nirä düşenin
Ýuwaş-ýuwaş aňan bolara çemli,
Iç işige baryp, köwşün çykaryp,
Aňk bolup oturdy ýassyna çenli.

Şahyr soň-soňlaram ahuny ýatlap,
«Häý, peläket!» diýip,
gülerdi kätäm.
…Ol şahyr diýýänim
ýat adam däldi,
Ol meniň atamdy,
Öz garyp atam.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.