Garyp – Kemina

Ýalbaryr men «baý aga!» diýp,
göýä ak mumdan beter,
Baýlaryň basgançagy boldum —
gysym gumdan beter,
«Ber hakym!» diýp gyssasa,
çişer otyr humdan beter,
Ogry şum, orramsy şum hem,
belki, ol şumdan beter,
Bir hudanyň urgany,
hiç ýerde sansyzdyr garyp.

Ýyl başyndan galla sorap,
işi gapy kakmak bolar,
Ýer çilim — ýanýoldaşy,
ýanynda bir çakmak bolar,
Tiz çeker gussa bilen,
öz gursagyn ýakmak bolar,
Geplese, bolman gepi hem özi
bir «akmak» bolar,
Il göçer, galar ýurtda,
diri çüýrändir garyp,

Baýlar-a behbidin arar,
pukara — hupbul-watan,
Gark bolar diýrler şoňa,
kim iki gämini tutan,
Göze görnen gyzy bolsa,
hantamadyr her ýeten,
Hem garyplykdan Keminäň
içleri otly tütün,
Il göçer, galar ýurtda,
diri çüýrändir garyp.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.