Garraýarys – Kerim Gurbannepesow

Stareýem Paruýr Sewak
Stareýem dorogoý.
Paruýr Sewak

Garrap barýas, şahyr aga,
Garrap barýas görnetin.
Ýogsa Sen
Paruýr Sewaga
Öýkünmezdiň ahbetin.

Gyt däl ahyr kitaplarda
başga-başga goşgular –
Söýgi hakda, ýaşlyk hakda…
we ýene-de başgalar.
Ýeri, bolýar, öýküniber,
aç syryňy jahana.
(Içiňi boşatmak üçin
tapyldy bir bahana!)

Garrap barýas, Mämmet şahyr,
Garrap barýas, aý, dogan.
Düýnem bize diýerdiler:
«Aý, jan jigi», «aý, oglan».
Indi bu gün adymyz:
«Aý, ýaşuly, «aý, aga!»
Şäherdemi, obadamy
– bolsa haýsy toý, aga,
Käte-käte giň törde-de
oturdylýan wagtyň bar.
Gaçgynyň tördi weli,
indi törden bagtyň bar.

Garrap barýas, Berdinazar,
Ýap-ýaňy hem çagadyk.
Indi bu gün degirmençiň
Telpegi dek çalardyk.
Döş üstünden timarlap
goýberäýsek sakgaly –
Garasyna näçe esse
köp gelerkä ak gyly?
Sakgal syrmak, meger, dünýäň
bagty üçin dörän zat.
Ýogsa dagy giň dünýäni
çalardaýjak adamzat…

Garrap barýas, doganlar,
Garrap barýas kem-kemden.
Ýöne weli garramak hem
Gyzyksyz zat däl eken.
Sakgal sakgal weli,
saç hem bize iş boljak.
Garaz, näme, adam ogly,
eýtjek-beýtjek ýaş boljak:
Depämizde oýnadyp
kiçijik daragmyzy,
Ýeňsäň saçyn bärik çekip,
bukýarys maňlaýmyzy.
Birdenem ters tarapdan
öwsüp garagol şemal,
Syrymyzyň üstün açýar…
Haý, garagol, garagol!

Garrap barýas, aşyk Kerim…
Şaglap barýar aý-günler.
Otuz ýyllyk yzda galdy
Şol toraňňy, ýylgynlar.
Şondan bäri mahal-mahal
duşuşykda, ýygnakda,
Goşgularyň okan wagtyň
ilkinji söýgiň hakda –
Demiňden ot sowrulýar,
tütün çykýar depderden.
«Şol gyz häzir barmy?» diýip,
sorag ýagýar köp ýerden.
Bar diýip hem bileňok,
ýok diýip hem bileňok.
Çünki ol bar bolanda-da,
indi Seniň üçin ýok…

Garrap barýas, şahyr aga,
Garrap barýas, halypa.
Garrylyk hem dünýäde
Juda uly wezipe.
Adam garradygyça,
has köpelýär synçylar.
Agramyňy ölçeýärler
çynçylar, ýalançylar.
Ýaş wagtyň – gyzlar ölçeýär,
Gartaşaňda – uly il.
Işiňde-de hil gerek,
Kelläňde-de uly hil.
Pähim bilen, akyl bilen
ýugrulmasa gartaňlyk –
Nesillere niçik miras
goýup biler atalyk?

Gartaşýarsyň, Kerim şahyr,
Gartaşýarsyň, ezizim.
Ýöne weli akylyňa
Aýlanaňok henizem.

Köçä çyksaň henizem
gözüň gyzda-gelinde.
Mart aýy golaýlaşsa,
bir desse gül eliňde,

Nirä barýaň ýaltaklap?
Kime berjek çemeni?
Öýüňde çemensiz otyr
sekiz çagaň emeni.
Çemeniňi şoňa gowşur.
Dolan, şahyr, yzyňa…
Iller eýýäm söz aýdyjy
gelip ýörler gyzyňa.
Bir gyz bolsa toý sähedin
sorap otyr ogluňdan.

Barýan ugruň päk bolmasa –
döneweri pyglyňdan.
Nirä barýaň şahyr,
Nirä barýaň?

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.