Gara Tüňçäniň Başynda Ak … – Kerim Gurbannepesow

Murgabyň kenarynda
murgaply daýhan bilen
Bir tüňçe gök çaý içdik
bir kesemen nan bilen.

Tüsse siňen gök çaýyň
aýry bolýar lezzeti.
Ol ýene-de gaýnatdy,
soň ýene-de demledi.

Ysly çaýyň başynda
gyzyp gitdi gürrüňmiz.
Ýigit diýdi: «Meýdanda şeýdip
geçýär her günmüz».

Ýaýlyp ýatyr çar ýana
ak köýmetli kartalar,
Bu ýerlerden ysmanak
çöpläpdirler atalar.

(Atam gürrüň bererdi bu
topragyň taryhyn)
Indi weli bu ýerleň
etmek üçin tarypyn,

Men-men diýen şahyrlar
gelýär yzly-yzyna.
Olaň tapan sözlerin
bagşy salyp sazyna,

Edil döwäýjek bolýar
dutarynyň gapagyn…
Döwlet tapdym bu ýerden,
ýene döwlet taparyn.

Açaýmanka noýabr suwdan
doly ýumrugyn,
Boşadaryn pelleriň nurdan
doly ýumrugyn.

Şol nurlaryň hemmesin
tabşyraryn harmana.
Öýüm döner jennete,
pulum döner harwara.

Watanymam baý bolar.
Kolhozymam baý bolar.
Diňe şeýle bolanda
meniň göwnüm jaý bolar.

«Bir «Žiguli» al!» diýýär
meniň söýýän Maralym
Menem diýýän: «Entek bir
pagtaň toýun guraýyn.

Wah, Maralym, Maralym,
meni söýseň kaýyl men
Wertolýotam satylsa,
äbermäge taýyn men!».

…Tüsse siňen gök çaýyň
aýry bolýar lezzeti.
Ol ýene-de gaýnatdy,
soň ýene-de demledi.

Soňra bolsa şo ýerde
murgaply aşyk bilen
Atyşyp nahar iýdik
ýekeje kaşyk bilen.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.