Gar – Kerim Gurbannepesow

Garyň tagamyna hemmämiz belet,
Iň şirin, in tämiz, iň sowuk suw ol.
Bedreläp-bedreläp ak gar eredip,
Gyzlar oňa ýüpek saçlaryn ýuwar.

Garyň ýagyşyna hemmämiz belet.
Ak dolak, ak çäkmen, ak telpek suw ol,
Ak gary tokgalap, urar bir çaga,
Uran gaçar, urlan yzyndan kowar.

Garyň akdygyna hemmämiz belet.
Ak ganat, ak guýruk, ak ýelek suw ol,
Ne hapasy bardyr, ne garyndysy,
Ýat, togalan – gaýta hapaňy ýuwar.

Dogrudanam, garyndysy ýokmuka?
Garyň bir tokgasyn aldym-da ele,
Ilki gözlerimiň öňüne eltdim,
Soňra-da ýuwaşja degirdim dile.

Ilki bilen Günüň tagamy geldi,
Onsoň beýnä urdy Ýeriň tagamy,
Onsoň kekräň, gülüň tagamy geldi,
Onsoň kükäp urdy deriň tagamy.

Awy agajynyň tagamy bilen
Şeker palajynyň goşulyp ysy,
Düşnüksiz bir tagam beýnime urdy,
Ajymy, turşumy – bilmedim haýsy.

Ilkinji posanyň tagamy bilen
Iň soňky posanyň tagamy geldi.
Bir aşyk fellahyň nahak ganyna
Gark bolan maýsanyň tagamy geldi.

Ýene-de dilime degirdim gary –
Zäkden-ä turşudy, zäherden ajy.
Megerem, gözýaşyň tagamydyr ol.
Beýle ajy gözýaş kimiň gözýaşy?

Megerem, enäniň gözýaşydyr ol.
(Beýle aglap biljek
enedir diňe!)
Ysgadym – beýnimi tütedip gitdi,
Dişledim – ot bolup ýapyşdy dile.

…Dünýädäki ähli gözýaşlaň, gamlaň,
Ähli aýralyklaň, matamlaň bugy
Goşulyp-goşulyp ak bulutlara,
Günüň öňün tutup, nikaplap gögi,
Soňam ýuwaş-ýuwaş gara öwrülip,
Gaçyp dur, gaçyp dur,
Gaçyp dur aşak…
Gar diýilýän zadyň ak zatdygyny,
Şirin zatdygyny bilsek-de ýaşkak,
Ajy zatdygyny soň bilip galdyk.
Entek ajysy köp bu garry Ýeriň.

…Iniler, aşarak dänjiräňizde,
Bir dem aşak eglip,
Gar dadyp gorüň.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.