Gamsyz Goşgy – Kerim Gurbannepesow

Göterildi şu gün göwnümiň yşgy.
«Gel, ýazaýyn – diýdim –
Gamsyzja goşgy…»

Kömelek agtaryp bir topar çaga,
Dyrmaşýar ýokaryk,
Inýär aşaga…

Ýanýar göreçlerde bigamlyk ody.
Atlary nämekä?
Hökmanmy ady?

Serdarjyk, Ataly, Gurthan, Meretli…
Birisi torbaly,
Biri sebetli.

Çaşýarlar, üýşýärler, bökýärler birden.
Gözleýän zatlaryn tapýarlar ýerden.

Gamsyzja gülküden ýaňlanýar dört ýan.
…Ene-de gykuwlap,
Ylgady Gurthan.

Girdi sebetlere «Gelinkömelek».
Bir däl, üç däl, dört däl,
Näçesi gerek.

Ýerleşdi sebetde bir topar «jora».
Atlary nämekä?
(Tapandan sora!)

…Sowaşdy baýyrlar.
Garaldy iňrik.
Gelýärdi çagalar kömelek gemrip.

Hoşaldy Ataly, Gurthan, Meretli.
Serdarjygmyz weli… boşja sebetli.

Sebede düşen ýük… üçje kömelek.
Birisi goturdy,
Ikisi kelek.

…Gamsyzja goşgyma ýene düşdi gam:
Gije uklamady
Kiçijik adam…

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.