el Bile – Kemina

Ak ýüzünde gara zülpüň hünäri,
Dawa edip, jeň başlady ýel bile;
Älemi ýandyrar bilbiliň zary,
Meger, bäs eýlemiş gyzyl gül bile.

Aşyga ar getir lebzinden dänme,
Bir merde ýaraşmaz
hiç soňun sanma,
Didara doýma ýok,
şu mähre — ganma,
Ýör, boýuňa guwanaýyn, ýol bile.

Aşyklyk derdine tapylmaz çäre,
Gamzaň okdur, peýkam
salypdyr ýara,
Üç ýogyn, üç inçe, üç ak, üç gara —
On iki syn ýaraşmyş niçe bil bile.

Aslyňy sorasam — iliň uşagy,
Biliňe urup sen tirme guşagy,
Meni ýakdy alkymlaryň aşagy,
Alma zenahdanlym, jüre hal bile.

Bu ne syrdyr, ýaýma ýakyna-ýada,
Delmirip gelip men gapyňa dada.
Ýakyp sen, örtäp sen,
salyp sen oda,
Duzladyň söz bile, dildiň dil bile.

Kemine diýr, eşit meniň pyganym,
Müjgäniň hanjardyr,
akyzdy ganym,
Sen meni köýdürdiň,
binurbat zalym!
Ak üstüne gyzyl geýdiň al bile.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.