Edeplilik Hakynda – Kerim Gurbannepesow

Ynha «Ýazyjynyň, tribunasy».
Ýaş awtor ýylgyryp, çykdy ekrana.

Hamala diýersiň, şygyr dünýäsin
Özi guran ýaly bakdy erkana.

«…Hawa, biz şahyrlar…
pylan zat ýazdyk.
Biz şahyrlar… hawa…»
Gür berdi şahyr.
(Jan inim, ömründe Pyragyň özem
«Biz şahyrlar…» diýip
aýtmandyr ahyr!)

Oturşynda, gepleýşinde müýni ýok.
Sözledi arkaýyn, sözledi uzak.
«Döredijiligim… poemam… goşgym…»
Gaýşardy gaýtalap onlarça gezek.

«Ýene bir poema döretdim şu ýyl…
Ýene döretmekçi…» Gür berdi şahyr.
(Jan inim, ömründe Çehowyň özem
«Men döretdim…»
diýip aýtmanmyş ahyr!).

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.