Duýgy – Kerim Gurbannepesow

Barýansyň, Moskwaň bir köçesinden.
Öňüňden çykandyr ak sakgal goja.
– Atam, Wahtangowa nädip gitmeli
– Oglum, bu tarapda Wahtangow küje!
Gös-göni yzyda öwrül-de şundan,
Pylan köçä ýet-de, çepe dolan.
Gowusy, özümjik eltip gaýdaýyn.
Azaşyp hem gider seň ýaly oglan!

Diýer-de sen-men ýok, düşer öňüňe.
(Görseň, bir aýagam protezdendir)
Elter-de gowşurar barjak öýüňe.
Sag bolun bermäkäň
Gözden ýitendir.

…Barýansyň Tbilisiň bir köçesinden.
(Agşam seýlindedir ili gürjiniň)
Baýdak boýly bir gyz öňüňden çykar –
Egremçeden geçer bili gürjiniň.

Ýok, ýok, ýalan diýdim, egremçeden däl,
Iňňäň gözündenem eglenmän geçer.
–Uýam Mtasminda nädip gitmeli?
Gözler gözleriňe nuruny seçer.

– Dördünji awtobus. Ynha, şu maşyn!..
(Münersiň. Işikler öpüşer derrew)
Gyz bolsa henizem garap durandyr.
Awtobusdan böküp düşesiň geler.

…Barýansyň Damaskyň bir köçesinden.
Aşagyň, ýokaryň – reklamadyr.
Sakynyp okarsyň arap harplaryn:
Düşünip bilmersiň – näme-nämedir…

Kitap magazinin idäp barýansyň.
Onýança-garşyňdan uludan pallap,
Aýagy çepekli, kellesi peşli,
Pete-pet çykandyr, ýadaw bir fellah.

«Kitap. Dükan. Kitap…»
(Hetjiklärsiň sen)
Ol derrew düşüner:
«Hä, kitob… dükkan!»
Dükanyň işigne getirip gider
Sen «Şükran!» diýmäkäň
ol diýer: «Şükran!»

…Barýansyň Aşgabat prospektinden.
Bu ýerlere belet bolsaň-da özüň,
Darajyk köçeden bir öýi gözläp,
Ne öňüň tapýansyň,
Ne-de bir yzyň.

«Şu ýakada!» diýip, salgyn bererler.
Gidersiň, gidersiň. Öňüň ýapykdyr.
Onýança bir gözel öňüňden çykar –
Köýnegi baldyrdan,
Saçy topukdan.

Howlugyp barýandyr. Emma şobada
Öz işin unudyp, döner-de yza,
«Hanha şol jaý!» diýip, elin uzadar.
Gyz jaýa bakýandyr,
Sen bolsa gyza…

…Hepdeler aýlanar, ýyllar dolanar.
Geçmişe ser salyp otyrkaň birden
Şol tanyş keşpler ýadyňa düşüp,
Ýüzüňe nur çaýar duýdansyz ýerden.

Emma ol keşpleri göresiň gelip,
Arzuwa çümseň-de näçe-näçe sen,
Ne-hä sen olaryň adyn bilýänsiň,
Ne öýün bilýänsiň,
Ne-de köçesin.

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.