Duralgada – Kerim Gurbannepesow

Ekiz taýy ýaly jorasy bilen,
Jümjüme gülleriň arasy bilen
Jümjüme ýaglykly bir gözel gelýär
Jümjüme köýnekli jorasy bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
«Gyzym, uýam» diýip, lak ataýmasaň,
Lak atmagam indi bize howuply.

Gyzlaryň birisi – duran bir keýik.
Köwşüniň ökjesi ne pes, ne beýik.
Megerem, dünýäde iň bagtly oglan –
Şol keýik gözele ýar boljak ýigit.

Toýnagyn jüp basyp, ýuwaşja ädýä.
Gaýmakly morožnyň ujundan gädýä.
Közli leb her gezek buza degende,
Tutuş howaň ýüzi bugaryp gidýä.

Menem synlap durun çekilip gyra.
Gyzlar meňzäp gelýär swetofor – çyra.
Çabytlary gyzyl, ýaglyklary gök –
Ýel ýapyk hem açyk – bagtyňa görä.

Gyzlaň biri – çynar, birisi – derek.
Görmäge göz gerek, söýmäge ýürek.
Wah, gözem, ýüregem ýeterlik weli,
On sekiz gerek, wah, on sekiz gerek!

Ikisem uz basyp duralga geldi.
Birisi pyňkyryp, bir zada güldi.
Saňa güldümikä? (Aý, ýa-ha saňa,
Ýa-da bir seň ýala güleni belli!)

Asmana seretdim. Gün eýýäm peýşin.
Onýança gaýradan göründi maşyn.
Duralga ýetäýmän, gyzlaň gaşynda
Togtady, baş egip gözellik üçin.

Mündüler. Gyzlardan
galmadym menem.
Aý, näme, dynç günüm,
gezjek bir sellem.
Aý, onsoňam, şeýle gözeller bilen
Garşy däl uçmaga kosmosa çenlem…

Awtobus togtady. Açyldy işik.
Reňbe-reň müň gözel,
müň ýigit üýşüp,
«Watan» teatrnyň öňünde durlar,
Deň ýarysy magşuk, deň ýary aşyk.

Ýüregimi alyp özleri bilen,
Kereşmesi bilen, näzleri bilen,
Gyzlaryň ikisem maşyndan düşdi –
Menem böküp düşdüm yzlary bilen.

Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
Birden iki gözel dörde öwrüldi –
Hersiniň gapdaly gerçek ýigitli.

Tanapdyr ýigitler gyzlaryň gowsun.
Göreçler göreje atyşdy owsun.
Bir ýigid-ä hasam ýeserje eken –
Kemputdan doldurdy
bir çabdyň jübsün..

Onýança-da açdy gapysyn «Watan»…
Kemput iýýän gyzyň golundan tutan
Bir görsem öz oglum, öz Nazar oglum…
Guwan, şahyr guwan,
Utan şahyr,
Utan!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.