Donan Ýylany Ölüdir Öýdüp, – Jelaleddin Rumy Balhi

DONAN ÝYLANY ÖLÜDIR ÖÝDÜP,
BAGDADA ELTEN MARGIR HAKYNDA
HEKAÝAT
Men bu hekaýaty ençe ýyl ozal
Esidipdim. Dinläp, senem many al.
Margir – ýagny, ýylan tutýan bir kisi,
Sonun bilen eklenç edýän bir kisi
Endigne eýerip,ýylan tutmaga
Ugrady alysda görünýän daga.
Seýle bir nakyl bar: «Agtaran-tapar»,
Her kim öz geregnin ugruna çykar.
Diýipdirler ýene: «Yhlasa-myrat»,
Ahyr ele düser gözlenilýän zat.
Margirem hazyna agtarýan ýaly,
Aýlanyp ýör, ýylan tutmak hyýaly.
Gaýalardan süýsüp gaýdan galyn gar
Jülgelerin eteginde agarýar.
Sol gar bilen gaýdan äpet ýylany
Tapdy ol. Seretse, ýok ýaly jany.
Begendi ol kisi: «Awum-a ondy!
Ýylany tegeläp, ýüp bilen dandy.
Adam diýlen mahluk özün tanaman,
Pyglynyn gurbany bolýar kä zaman.
Ýa gymmat bahaly atlazdan geými
Jindä çalsar, duýmaz hiç hili müýni.
Özümiz ýylandan gorkunç bolsak-da,
Haýran galyp, gürrün edýäs ol hakda.
Ili gen galdyrmak margire kada,
Ol ýylany alyp, gitdi Bagdada.
Ýylan uly, esli agramy bardy,
Margir ony zordan süýräp barýardy.
Çümýärdi ol süýji arzuw-hyýala:
«Adamlar ank bolup bakar ýylana.
Bu eden ummasyz azabma derek
Mana-da esli pul düsäýse gerek…
Ine, ol ahyry sähere ýetdi,
Gören agzyn açyp, ýakasyn tutdy.
«Heniz beýle äpet ýylan görmändik,
Margirinem zordugyna gen galdyk.
Gorkman, süýräp ýörsi gen-aý on, walla.»
Diýip, gürrün etdi giden mähelle.
Kim seýle syn etdi, kimse pul berdi,
Garaz, il görmedik zadyny gördi.
Gaty kändi üýsen adamlan sany,
Margir açyk ýerde goýup ýylany,
Üstüne-de tapan-tutanny atdy,
Ýylan gymyldaman kän wagt ýatdy.
Nurly Günem galyp barha ýokary,
Howry bilen çoýup baslady ýeri.
Örtüklen ýylsyna, Günün çogyna,
Ýylanam janlanyp baslady, ana.
Garda, buzda donan göwrä girip jan,
Kem-kemden oýandy sus ýatan ýylan.
Gymyldap ugrady guýrukdyr kelle,
On bolsuna gözi düsen mähelle
«Assa gaçan-namart» diýlisi ýaly,
Edil suwun dagdan inisi ýaly,
Duran-duran ýerden ýazzyny berdi,
Giden meýdan ýöne ala güpürdi.
Zähresi ýarylan adamlar kilen
Çakysyp, itisip bir-biri bilen,
Margirin hut ýedi pustuna gargap,
Jyn gadan dek bolup, gitdiler dargap.
Ýylanyn eýesem gözün tegeläp,
Tas basgyda galyp, bolupdy heläk.
«Öz basyma satyn alyp belany,
Ölüdir öýdüp bu äpet ýylany,
Guzunyn möjegi oýarsy deýin,
Derde galdym. Indi näme edeýin?»
Diýip, ýaýdanjyrap duran margiri
Ýylan so dursuna ýuwutdy diri.
Gerinjiräp, eýläk-beýläk towlandy,
Ol biçärän sünkleri-de owrandy…
Betbagtlyk buzunda sol ýylan deýin,
Kalbyn uklap ýatan wagty arkaýyn.
Bir söý bilen oýarsan aç nebsini,
Margirin gününe salar ol seni.
Açgözlük ýylany janlansa eger,
Ömrüne, abraýna ýetirer zeper.
Ser islere sert döredip, jan bersen,
Son ömrün durkuna ahmyr eder sen.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.