Dert Bile – Magrupy

Dert bile
Gel könül, basyny çykar dumandan,
Ýeke galdyn gam öýünde dert bile;
Namart bilen uzak ýola gitmegil,
Bas gosawer bir töwekgel mert bile.
Çyn ärler iblisin sözüne gitmez,
Munapyklar hakyn emrini tutmaz,
Iman bilen seýtan bir ýerde ýatmaz,
Niçik mydar tapar goýun gurt bile.
Jan sehrinde ajal guslary ýaýnar,
Könlümin derýasy möwç urar — gaýnar,
Gäwban ogly donuz bile it oýnar,
Beg balasy sadranç oýnar nert bile.
Çyn derwüs könlünin bolmaz ýalany,
Ýakyn gelse ahyrzaman nysany,
Muny bilgil, ykrar saklar imany,
Dawa artar, ant içerler sert bile.
Magrupy diýr, ýedi yklym çöl galar,
Ne beg galar, ne han galar, gul galar,
Ne dag galar, ne düz galar, il galar,
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.