Deni-Dusy Begenmez – Magrupy

Deni-dusy begenmez
Bir ýigidin mylakaty bolmasa,
Ol ýigidin deni-dusy begenmez;
Hakykat, çyn ýola düsen derwüsler
Dünýäde lezzeti, hosy begenmez.
Asyk ysk bahryny, derýasyn boýlar,
Ýamandan das gaçar, boýuny saýlar,
Çopan päkisini, çakmagyn saýlar,
Almaz atly baha dasy begenmez.
Öldürse — kazydyr kapyrny çapan,
Magsarda hülledir — don munda ýapan,
Öz öýünde gury nany az tapan,
Kisi öýünde her bir asy begenmez.
Biler sen jahanda galmazlar abat,
Jan gusy tutulyp, gurular saýýat,
Pir-ustatdan taglym (almagan) ustat
Öz isinden özge isi begenmez.
Magrupy diýr, haýran sana älemler,
Öwlüýäsin, dinin ýakar zalymlar,
Serigatdan pähim bolmaý alymlar
Gury her bap üçin basy begenmez.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.