Dehlewiniň 700 Ýyllygynda Dehlewiçe Dörän Setirler – Kerim Gurbannepesow

Seniň gözleriňden ganyp bilemok.
Megerem, bu dertden eräp giderin.
Gijeler gözüme uky gelenok,
Gözýaşym gutaryp gurap giderin.

Öwlýa Sen. Daşyňda pyrlanyp ýörün.
Kowsaň-da, maslygmy süýräp giderin.
Ähdi-peýman diýmek-iman diýmekdir,
Ähdiňden dänäýseň niräk giderin?

Adyň dilde bolsa – bahylyň-da köp,
Dilde niçiksi gaýrak giderin?
Ýok, ýok, maňa ýatdyr gaýra diýen zat,
Gitsem-de ilerik köräp giderin.

Seni iki dünýä çalyşmaryn men,
Egnimi egniňe diräp giderin.
Birden öläýsem-de,
Seň ysyň alsam –
Ýene-de dirilip, ýöräp giderin.

Adam iki gezek inermiş dünýä.
Çynmyka? Jogabyn durlap giderin.
Ýeke gezek bolsa, menem boş gitsem –
Dünýäden çaga dek çyrlap giderin.

Sen ähdiňde dursaň, şahyram durar.
Seni müň beladan gorap giderin.–
Bürgüde duşduňmy –
bürgüt hem bolgun!
Serçä dönäýdigiň –
parlap giderin!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.