de Bir Algylynyň Bergili Bilen Gürrüňi – Kerim Gurbannepesow

Şojagaz pulumy tapyp ber, goňşy,
Gapyda odun ýok, saçakda çörek.
Hanha, çagalary özüň gör, goňşy,
Hersiniň agzyna bir lukma gerek.
– Wah, wah, düşünýän-le!..
Wiý-le, neme-le…
Arpa-zad-a alaýmarsyň ujundan?
– Wah, diýýän-ä, çagajyklar üç aýdyr,
Burlup otyr ajyndan.
Sen-ä arpa diýýäň, gylçygam berseň
Dört el bilen alaryn.
– Beýle bolsa, bir ýagdaýy bolar-la,
Şu ýyl hökman arpa ekjek bolaryn.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.