Dag Goçy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

DAG GOÇY HAKYNDA HEKAÝAT

Bolýar dag goçunda su hili endik,
Saýlap gaýalaryn nirde belendin.
Aga-ýana gezer, hüsgärdir, sakdyr,
Özün dasda tutar gaplandan, okdan.
Her öneten awça ansat aw bolman,
Abanýan howplardan sypar ol aman.
Golaýyna baryp bilmäni üçin,
Awçylar kömegne daýanýar geçin.
Goç ho-ol pesde dag geçisin gördügi,
Ýatdan çykyp, önki saklyk endigi.
Serin duman alyp, gözi ümezläp,
Taýyna gowusman çäresin gözläp.
Bolup on ugrunda her zada taýyn,
Suwlap gaýdýar depesinden gaýanyn.
Awçylar belet on bu gylygyna,
Jadylanyp yskyn çakylygyna.
Guran hilelerine aldanjagyny,
Özlerne ap-ansat aw boljagyny.
Bilenleri üçin güldürip için,
Basyna ýetýärler olar dag goçun.
Gözsüz batyrlygy kä gahrymanyn,
Açyk howpdan kän ýetirýär zyýanyn.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.