Çybynyn Süleýman Patysadan Kömek Soraýsy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

ÇYBYNYN SÜLEÝMAN PATYSADAN KÖMEK SORAÝSY HAKYNDA HEKAÝAT

Süleýman sa garry hem taýsyz dana,
Bellidi paýhasy haýwan, ynsana.
Bir gün on ýanyna bir çybyn geldi,
Diýdi: «Adalatyn äleme belli.
Ynsanam, haýwanam, mör-möjeklerem
Sen adyna alkys aýdýarlar kilen.
Biz çybyn kowumy, ejizje jandar,
Beýlekiler ýaly bizde-de san bar.
Ýas gosulsyn, sahym, ýasyna senin,
Kömek sorap geldim ýanyna senin.
Bilýäris: sen merhemedin zyýada,
Den göz bilen bakýan kiçä, ula-da.
Adalatyn hemmelere göz ede,
Rehimdar nazaryn aýla bize-de.»
Sa diýdi: «Her zady bilmek parzym bar,
Sözle hany, mana näme arzyn bar?
Pälimiz düzüwdir, kalbymyz akdyr,
Adalatymyzdan nägile ýokdur.
Täç geýip, halkymyn önüne çykdym,
Ähli erbetligin sonuna çykdym.
Ýetmez ýaly ile-güne azary,
Ogry-jümrülerin zyndanda bary»
Çybyn wyzzyldady: «Hazlawyk semal
Bize gün berenok, çydar ýaly däl.
Dostlarmyz mat, dusmanlarmyz sat boldy,
Agaýana uçmak bize ýat boldy.
Perman çykar: bize azar bermesin,
Esitmäli onun ýigrenji sesin».
Sa diýdi: «Semala perman berse bor
Ýa-da seýle aýdyp, düsündirse bor.
Ýöne welin, Ýaradanyn önünde
Ýalnysýan ýerlerim bolýar menin-de.
Dine sen arzyny esdip, onmaly,
Günäkärin özüni-de dinläli.
Çagyryn semaly, gelsin bu ýere,
Käbir sözlerim bir ona diýere».
Semal bir ýerlerden geldi daz ýasap,
Çybynyn mazasy gaçdy alnasap.
Bada-bat o ýerden zym-zyýat boldy,
«Göçenni ýel, gonanyny gol bildi».
Sa gygyrdy: «Näme, gaçdyn beýle tiz?
Adalatly höküm çykanok heniz.
Ýanyma arz edip gelenne görä,
Bilip git-dä munça bolanna görä.»
Çybyn jynnyldady: «Dönmerin ýoldan,
Men hökümden beter gorkýan semaldan…»
Sol çybynyn bolsy düsnükli bize,
Ýaradany ýatlap, sylsak-da ýüze,
Öz etmislerimize ökünip gezýäs,
Onun nazaryndan çekinip gezýäs.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.