Buşluk Poemasy – Kerim Gurbannepesow

Galypdym howluda ýalňyz bir özüm.
(Toýa gidipdiler aýalym, gyzym…)

Öňümde ne çaý bar, ne-de bir nahar.
(Näme hüžžerýärsiň, howlukma, Gahar!)

Gazy ýakjak boldum. Atyldy fontan.
(Towlamaly ýerin ýalňyşdym öýdýän).

Saçagy agtardym. Aýlandym öýe.
(Nany-pany bilen uçupdyr toýa).

Şekere topuldym. Duz bolup çykdy.
Nabada topuldym. Buz bolup çykdy.

Ähli tapan zadym unly kendirik.
(Ol hem aç garnymy bilmez diňdirip).

Ýetişdi dadyma poçtalýon Wera.
Elinde telegram! Mazmunyn sora!

Uzatdy kagyzy. Gygyrdy «Buşluk!»
Şo bada garnymdan ýok boldy açlyk.

Tyňkyja Weranyň ellerin gysdym.
Perzentli bolupdyr perzentsiz dostum!

Önelgesiz enäň açylyp bagty,
Namut göreçlerne inipdir ýagty.

Ak gyzly bolupdyr Aksoltan gelin.
Çagadan umydy ýok soltan gelin.

Parhy nämemişin ogulmy, gyzmy –
Bir başlanan bolsa, düzeler yzy!

On ýyllap ýoluna bakdyran çaga
Jägildäp inipdir. Bök bu gün göge!

Bökdüm, ýere gaçdy pyşbaga çäýnek.
Bu gün pyşbagany döwletdir döwmek.

Bökdüm, ýere gaçdy tarelka-maýmyn.
Bu gun maýmynjyklaň duzlarys hamyn.

Bökdüm, dört bölündi gurbakga-küldan.
Döwülýän zatlaryň hemmesi haýwan!

Döwülsin jäjekler, kül bolsun olar.
Adam döwülmese, bir zady bolar.

Guýdum Wera gyza bir bulgur şampan,
– Bu gün ikijigmiz içmeli hökman!

Meniň şat günümde şat bol, ezizim.
Gazet-žurnallarňy paýlaryn özüm.

Sen bu gün öýmüzde iň eziz gonak.
Entek nä görýärsiň, süzeris konýak!

Kän entek ülkämde perzentsiz ene.
Şeýle habarlary köp getir ýene.

Getir her hepdede elliden, ýüzden.
Buşluk senden bolsun, gutlugy bizden!..

Iýildi şokolad. Boşady bulgur.
– Hany, Weragözel, ýene bir ýylgyr!

Akja bäbek üçin iç, ýene bir iç!
Munuň ýaly zatlar üç bolmaly, üç…

– Ynha, indi boldy. Hemme zat oňat
…Ýapdym arkasyna keteni halat.

Başyna-da atdym seçekli ýaglyk…
Gyz nur saçdy
göýä
Altyndan balyk…

Keýwanyň bukjasy gowzady az-kem.
Duýaýsa näderkäm! Duýmaz-la, belkem.

Duýsa, jygyllyga ylgaryn ertir.
(Ýa-da pulun bersem, özi hem getir…)

…Keýwany,
Ýene-de galmawer toýdan.
Örän arkaýyn bol bukjadan, öýden.

Örän arkaýyn bol ojakdan, gazdan.
(Öwreniljek eken, gatnaber tizden!)

Juda arkaýyn bol saçakdan-duzdan.
(Oňat boljak eken iýilse azdan!)

Arkaýyn gidiber. Aç ölmez äriň.
Hoş habar köp gelse, taparys tärin.

Ynha ol ýene-de telegram getir.
Bu gün getirmese, getirer ertir.

Gutlugna keteni ýaparyn menem.
Öňem käýemändiň,
Käýeme indem!

Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.