Bu Dunya – Magrupy

Bu dunya
Gapyl adam, magrur olma panyga,
Tutdum-tutdum diýsen, gaçar bu dünýä,
Rehmi ýokdur, zulmy çohdur adama,
Gije-gündiz ganyn içer bu dünýä.
Nesihatym budur, diýem sizlere,
Yhlas bilen gulak tutun sözlere,
Owwal aldap, hos söz berer bizlere,
Bir gün dasymyza geçer bu dünýä.
Bir bazygär, aldap aýyrmaz gözden,
Gel imdi raýyndan gaýdawer tizden,
Basyndan-aýagyn bäs gary bizden,
Bir gün sana bir don biçer bu dünýa.
Gezdin imdi gara bagryngan eýläp,
Ne ýygar sen derdeserin kän eýläp,
Bir gapydan girdim diýr sen jan eýläp,
Ýene bir gapyny açar bu dünýä.
Magrupy diýr, kimsäni sa eýleýip,
Kimni derwüs, kimni geda eýleýip,
Aldap utar bizi gümra eýleýip,
Gardaslyga beýle naçar bu dünýä.
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.