Bir Tesnänin Akar Suwa Beýik Diwardan Kerpiç Zynysy Hakynda Hekaýat – Jelaleddin Rumy Balhi

BIR TESNÄNIN AKAR SUWA BEÝIK DIWARDAN KERPIÇ ZYNYSY HAKYNDA HEKAÝAT

Akyp ýatyr düzden dury suwly ýap,
Kenarynda bir diwar dur selenläp.
Çykyp on üstüne – seýle belende,
Suwa garap otyr bir tesne bende.
Göýä ýetip bolmaz howaýy arzuw,
Ho-ol pesden sildiräp akyp ýatyr suw.
Tesne bir kerpiji diwardan itdi,
Onun pagsyldysyn çala esitdi.
Seýle sowal bardy sesinde suwun:
«Edil häzir edýän nämän arzuwyn?»
Suwun sowalyna ol seýle diýdi:
« Bar men bu edenmin iki bähbidi.
Kerpiji zynmakdan – menin höwesim,
Esitmek sen jana ýakymly sesin.
Ýakymly ol mana seslen baryndan,
Hatda Ysrafylyn çalýan surundan.
Her adama öz höwesi ýakymly,
Gedaý üçin tennän sesi ýakymly.
Zyndan gulpun açýan açaryn sesi
Bendilerin in arzyly höwesi.
Menem näçe kerpiç oklasam pese,
Sonça golaýlaýan arzyly sese.
Oturan diwarym barha peselýär,
Muna menin tesne göwnüm eselýär!»
Ol diwar – adamyn teni-bedeni,
Söýýär ol erkine tabyn edeni.
Howalaly, asa tekepbir basyn,
Egilmesi kyndyr. Sen suna düsün.
Bizem Biribara mynajat edip,
Basymyzy egip, sonra dyz epip.
Ýakymly oýlary ýürekde besläp,
Arzuwmyza ýetmekligi höwesläp,
Suwa golaýlaýsy deýin so tesnän,
Haka ýakynlasýas ruhdan düsmän.

Terjime eden we çapa taêêarlan: Kakabaê Gurbanmyradow

:: ADVERTISEMENTS ::
Share:

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

This site uses Akismet to reduce spam. Learn how your comment data is processed.